Hindistanda ýakyn wagtda uçýan taksiler peýda bolup biler. Bu barada ePlane kompaniýasynyň esaslandyryjysy Satýa Çakrawartä salgylanyp, News18 neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, uçýan ulag ýurtda eýýäm sekiz aýdan peýda bolup biler. Işläp düzüjileriň uçýan taksini çäkli giňişlikde gonup we beýleki obýektler bilen doly howa giňişliginde uçup bilmegi üçin ykjam görnüşde etmeli bolandygy bellenilýär. Howa taksisinde gatnawyň bahasynyň ýerüstündäki ulaglaryň bahasyndan iki esse gymmat bolmagy ähtimal.