"Red Bull-yň" niderlandly sürüjisi Maks Werstappen "Formula-1" çempionatynyň Jidda şäherinde geçirilen Saud Arabystanynyň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy. Werstappen 1.20.43,273 sekunt netijäni görkezdi. Ikinji orny "Red Bulluň" meksikaly sürüjisi Serhio Peres eýeledi (yza galyş 13,643 sekunt). Üçünji bolup pellehana "Ferrariden" Şarl Lekler geldi (+18,639). Şeýle-de, ýaryşyň jemi boýunça şular utuk gazandy: 4. Oskar Piastri ("Maklaren"), 5. Fernando Alonso ("Aston Martin"), 6. Jorj Rassell ("Mersedes"), 7. Oliwer Berman ("Ferrari"), 8. Lando Norris ("Maklaren"), 9. Lýuis Hemilton ("Mersedes"), 10. Niko Hýulkenberg ("Haas"). "Ferrariniň" sürüjisi Karlos Saýns körçege sebäpli geçirilen operasiýadan soň ýaryşy sypdyrdy. Onuň deregine 18 ýaşly Berman çykyş etdi. "Formula-1-iň" indiki tapgyry 22-24-nji martda Awstraliýanyň Melburn şäherinde geçiriler.