“Forbes” neşiriniň žurnalistleri režissýor Kristofer Nolanyň baş keşbi Killian Mýorfiniň ýerine ýetirmegindäki “Oppengeýmer” filminden, takmynan, 72 mln dollar gazanandygyny habar berdiler. Bu kinematografyň taryhynda režissýorlaryň arasynda iň uly gonorarlaryň biridir diýip, championat.com belleýär. Nolan şeýle mukdary filmiň girdejisiniň 15%-ini almaga mümkinçilik berýän Universal Pictures bilen şertnamanyň netijesinde gazandy. Bellenilişi ýaly, režissýoryň girdejisi geljekde hasam artar, sebäbi film dürli akym platformalarynda çykar we ygtyýarlandyrylar. Ýatlap geçsek, bu film atom bombasyny dörediji hasaplanýan amerikaly fizik Robert Oppengeýmeriň durmuş wakasyny gürrüň berýär. “Oppengeýmer” dünýä prokatynda 957 mln dollardan gowrak girdeji gazandy, bu hem oňa 2023-nji ýylyň iň girdejili filmleriniň üçlügine goşulmaga mümkinçilik berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir