8-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen IV Açyk halkara matematika olimpiadasynyň (OMOUS — 2024) jemi jemlendi. Birnäçe günläp dowam eden olimpiada-da Bolgariýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Saud Arabystanynyň, Ispaniýanyň, Indoneziýanyň we Özbegistanyň jemi 25-den gowrak ýokary okuw mekdebinden 110-dan agdyk, Türkmenistandan bolsa 400-e golaý talyp üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri görkezmegi başardylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, olimpiada ýekebara we toparlaýyn görnüşde geçirildi. Oňa gözegçilik etmek üçin ýurduň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan eminler topary düzüldi. Olimpiadada türkmen talyplary 191 medal gazanmagy başardylar. Olar bäsleşigiň ýekebara görnüşinde altyn medallaryň 22-sine, kümüş medallaryň 51-sine, bürünç medallaryň bolsa 104-sine mynasyp boldular. Toparlaýyn tapgyrda olar 2 altyn, 5 kümüş, 7 bürünç medaly eýelediler. Şeýle-de özbegistanly talyplar 57, russiýaly ýaşlar 26, bolgariýaly myhmanlar bolsa 8 medal gazandylar. Ispaniýaly talyba 1 altyn, şeýle-de Hytaýdan, Saud Arabystanyndan, Indoneziýadan gelen talyp wekiliýetleriniň hersine 1 bürünç medal eýelemek başartdy. Olimpiadanyň ýapylyş dabarasynda ýokary okuw mekdebiň talyplarynyň dürli dillerde ýerine ýetiren aýdymlary, halklaryň dostlugyny şöhlelendirýän tanslary, milli folkloryň kämil nusgalary hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dutarçylar toparynyň çykyşlary myhmanlar üçin ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlary döretdi diýlip, habarda bellenilýär.