Şu ýylyň ahyryna çenli Türkiýäniň Antalýesine barjak jahankeşdeleriň sany 16,5 milliona deň bolar. Bu barada Türkiýäniň Jahankeşdelik agentlikleriniň Ortaýer deňzi sebitiniň wekiller geňeşiniň başlygy (TÜRSAB) Ryza Perçin habar berdi diýip, «Trend» ýazýar. TÜRSAB-yň wekili eýýämden Antalýede dynç almak üçin deslapdan orun sargyt edýänleriň sanynyň köpdügini belledi. Ol şeýle-de Ýewropa ýurtlaryndan, şol sanda Polşadan we Beýik Britaniýadan isleg bildirýänleriň artandygyny habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir