DreamWorks Animation studiýasy 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda dünýäniň kinoteatrlarynda görkeziljek “Ýabany robot” multfilminiň treýlerini hödürledi. Onuň ýordumy Piter Braunyň adybir kitabyna esaslanýar we ýaşalmaýan adada heläkçilige uçran Roza atly kömekçi robot hakda gürrüň berýär. Roza ol ýerde adam-gara gabat gelmese-de, ýöne haýwanlar bilen dostlaşýar, olaryň dilini öwrenýär we täze durmuşa başlaýar. Wideo Universal Pictures YouTube kanalynda elýeterlidir. Multfilmiň edebi esasyny ýazan we režissýory “Lilo we Stiç”, “Şa ýolbars”, “Mulan” we “Aždarhany nädip eldekileşdirmeli?” ýaly filmleri bilen tanalýan Kris Sandersdir. Treýlerde adanyň owadan görnüşleri, täsin haýwanlar we Roza bilen onuň täze dostlarynyň arasyndaky tolgundyryjy dostlukly pursatlar görkezilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir