Gazagystan Geljegiň oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görüp başlady. Ýurt ilkinji ýaryşlaryň geçirilen ýeri bolan Tatarystanyň kömegine bil baglaýar diýip, Gazagystanyň parlamentiniň Mažilisiniň (aşaky palatasynyň) başlygy Ýerlan Koşanow Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň başlygy Farid Muhametşin bilen duşuşygynda aýtdy. «Biziň Prezidentimiz Geljegiň oýunlarynyň özboluşly formatyny belläp geçdi. Ol gören zatlaryndan ruhlandy we indiki Geljegiň oýunlaryny Gazagystanda geçirmegi teklip etdi. Häzirki wagtda biz eýýäm taýýarlyk işlerine başladyk» diýip, Koşanow belledi. Ozal Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen bolan duşuşygynda indiki «Geljegiň oýunlary» atly köpugurly halkara sport ýaryşyny öz ýurdunda geçirmegi teklip etdi. Geljegiň oýunlary adaty sport görnüşleriniň kompýuter oýunlary bilen utgaşmasyndan ybarat bolan täze formatdaky sport çäresidir. Ilkinji ýaryşlar 21-nji fewraldan 3-nji mart aralygynda Kazanda geçirildi we oňa 100 müňden gowrak tomaşaçy gatnaşdy. Birinji Geljegiň oýunlaryna 107 ýurtdan 275 topar we 2 müňden gowrak adam gatnaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir