Jaguar kompaniýasy iýun aýynda awtoulag görnüşleriniň sanyny iki esse azaltmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Automotive News» brendiň ABŞ-daky başlygy Jo Eberhardta salgylanyp habar berýär. Onuň bellemegine görä, öndürilýän alty modelden üçüsi (XE, XF, F-Type) önümçilikden aýrylar – F-Pace, E-Pace we I-Pace krossowerleriniň öndürilmegi dowam eder. Jaguar täze elektrik ulaglarynyň satuwy başlamazdan öň bir ýyl töweregi geçiş döwrüne gadam basýar. Kompaniýada dilerleriň awtoulag ýetmezçiligi barada howsala düşmeli däldigini belläp geçdiler: öndüriji galan aýlar üçin inwentar we üpjünçiligiň dowamlylygyny üpjün etjek ýörite meýilnama düzmegi wada berýär.