Türkiýede emeli aň arkaly miweli agaçlara gözegçilik etmek üçin programma üpjünçiliginiň döredilendigi barada Anadolu habarlar agentligi habar berýär. Enjamlar nar we alma baglarynda miweleriň ýetişiş derejesini takyk kesgitlärler. Taslama Siirt we Bartyn uniwersitetleriniň alymlarynyň goldaw bermegi bilen döredildi. Programma üpjünçiligi ilkinji gezek Siirtdäki nar we alma baglarynda, şeýle hem Mersindäki banan we apelsin plantasiýalarynda hasyllylygy öwrenmekde synag edildi. Emeli aň dronlar tarapyndan alnan 2223 suraty derňedi. Ygtybarly maglumatlary almak üçin dronlar dürli günlerde we günüň dürli wagtlarynda ulanyldy, olar dürli taraplara we dürli howa şertlerinde uçdular. Emeli aň miweleriň bişendigini 97% takyklyk bilen kesgitledi we çüýremek prosesini ýüze çykardy. Döredijiler öz oýlap tapyşlarynyň oba hojalygyndan başga ugurlarda hem ulanylyp bilinjekdigini belleýärler. Türk alymlary oba hojalygynda dronlaryň hasyly suwlamak üçin has köp ulanylýandygyny nygtaýarlar. Indi bolsa olar miweleriň ýagdaýyny kesgitläp, hasyly wagtynda ýygnap, zyýankeşlere we kesellere garşy göreşip bilerler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir