Apple öz YouTube kanalynda gysga metražly filmini - “Ýarygije” atly neo-nuar trillerini neşir etdi. The Hollywood Reporter-yň berýän habaryna görä, meşhur ýapon režissýory Takasi Miike (“13 pida”, “Harakiri”) filmi iPhone 15 Pro kamerasynda surata düşürdi. Filmde Tokionyň köçelerinde aýlanyp, mätäçlere kömek berýän gijeki ady näbelli taksi sürüjisi (Kento Kakuwyň oýnamagynda) barada gürrüň berilýär. Gahryman bir sapar ýerli jenaýatçy toparyň agzalary bilen pete-pet gelen bir gyza duşýar – olar onuň golaýda kakasyndan miras galan awtoulagyny elinden alyp gitmekçi bolýarlar. Filmi düşürmekligiň galdyran täsirleri barada teswir ýazan Takaşi Miike iPhone 15 Pro-yň gijeki jikme-jiklikleri we hatda, dartgynly-darkaşly pursatlarda-da gahrymanlaryň duýgularyny görkezip biliş ukyby bilen haýran galdyrandygyny aýtdy. Režissýor Apple smartfonlarynyň, hatda, uly göwrümli ýöriteleşdirilen kameralar üçin elýeterli bolmadyk funksiýalary eýýäm ýerine ýetirip bilýändigine haýran galdy. Ýanwar aýynyň başynda Apple Hytaýyň Täze ýylyny bellemek üçin iPhone 15 Pro Max-da düşürilen “Kiçijik sarymsak” atly gysga metražly filmi görkezdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir