2025-nji ýylyň 5-nji martynda Microsoft Windows 11-de Android programmalaryny resmi taýdan goldamagy bes eder. Kompaniýa ulanyjylaryň tamasyny ödemedik Subsystem for Android taslamasyny ýapýar. Subsystem for Android Amazon Appstore arkaly Android programmalaryny kompýuterde işletmäge mümkinçilik berdi. Şeýle-de bolsa, The Verge neşiriniň belleýşi ýaly, hyzmat durnukly işlemeýärdi we Google Play Store-a girip bolmaýardy. Windows 11-iň tanyşdyrylyş dabarasynda Android programmalaryny işletmäge mümkinçilik berýän tehnologiýa operasion ulgamynyň esasy aýratynlyklaryndan biri hökmünde görkezildi. Microsoft-yň hyjuwly sözlerine garamazdan, Windows 11-iň ykjam işlemegi ulanyjylary özüne çekmedi. Subsystem for Android programmasy Microsoft Store gözleginde eýýäm gizlenendir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir