Braziliýa denge ysytmasynyň rekord derejede ýaýramagy bilen göreşýär. 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda milliondan gowrak ýokuşmanyň hasaba alnandygy habar berildi, bu 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 226% köpelendigini aňladýar. Käbir şäherlerde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. “Hi-Tech” portalynyň habaryna görä, bu ýagdaýa garşy saglyk edaralary keseliň ýaýramagyna gözegçilik etmegiň düýpgöter üýtgeşik usulyna ýüzlendi - Oxitec biotehnologiýa kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen, genetiki taýdan üýtgedilen Aedes aegypti çybynlaryny goýberdi. Erkinlige goýberilen GMO-erkek çybynlar ýabany urkaçy çybynlar bilen çaknyşdyryldy. Üýtgedilen çybynlardaky gen ähli urkaçy nesilleriň kämillik ýaşyna ýetmenkä ölmegine sebäp bolýar we şeýlelik bilen, potensial ýokanç ýaýradyjylaryň köpelmeginiň öňi alynýar. Denge ysytmasynyň diňe A. aegypti urkaçy çybynlarynyň çakmagy arkaly ýokuşýandygy mälimdir. Oxitec taslamasy Braziliýanyň birnäçe şäherlerinde, şol sanda San-Paulu ştatynyň Suzano şäherinde durmuşa geçirilýär, bu şäherde 2024-nji ýylyň fewral aýynda denge ysytmasy sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edilipdi. 2021-nji ýylda ABŞ-da şuňa meňzeş taslama üstünlikli amala aşyryldy, genetiki taýdan üýtgedilen A. aegypti çybynlary ýabany, kesel ýaýradyjy çybynlaryň sanyny azaltmak üçin Florida-Kise goýberilipdi diýip, Nature ylmy portaly ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir