Pensilwaniýa döwlet uniwersitetiniň alymlary derisine uly zeper ýeten alakalaryň deri gatlagyny dikeltmek üçin 3D printerde tüýlek follikully köp gatlakly janly derini çap etdiler diýip, uniwersitetiň web sahypasyna salgylanýan Science Direct neşiri ýazýar. Alymlar syçanlar bilen geçirilen operasiýa wagtynda olaryň kellesinde deriniň ýetmeýän ýerini üstünlikli çap etdiler. Emeli deri tebigy deriniň anatomiýasyna gabat gelýän üç gatlakdan durýar: epidermis, derm we gipoderm. Bioink çap etmek üçin üç komponent ulanyldy: gurluşy we durnuklylygy üpjün edýän, adamyň ýag dokumasyndan alnan öýjükden daşary matriks; dokumanyň täzelenmegi üçin ýag dokumasyndan alnan sütün öýjükleri; ýaraly komponentleri baglamak üçin fibrinogen saklaýan gan uýadyjy ergin. “Üç bölüm bize matrisa bilen fibrinogeniň garyndysyny takyk gözegçilikde sütün öýjükleri bilen bilelikde çap etmäge mümkinçilik berýär. Ýaranyň bitmegine, saç follikulasynyň emele gelmegine, temperaturanyň kadalaşmagyna we beýlekilere ýardam edýän gipodermi emele getirmek üçin biz gönüden-göni şikesiň ýeten ýerinde çap etdik "- diýip, gözlegiň şärikdeş awtory Ibragim Ozbolat gürrüň berýär.. Gipodermiň we dermiň çap edilmegi epidermiň özbaşdak emele gelmegine itergi berdi, bu bolsa iki hepdäniň içinde ýaranyň doly bitmegine getirdi. Saç follikulalarynyň ösüşiniň başlangyjy bolan gipodermde “ösüntgiler” tapyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir