Netflix akym hyzmaty “Awatar: Aang hakynda rowaýat” serialyny iki goşmaça möwsüme resmi taýdan uzaltdy. Olar serial üçin soňky möwsümler bolar. Bu barada film.ru habar berýär. Taslama strimingde 22-nji fewralda ilkinji gezek görkezildi we oňa 41 milliondan hem köp gezek tomaşa edildi. “Aang hakynda rowaýat” Nickelodeon-yň adybir serialyna esaslanýar. Sýužet boýunça dünýäde dört tebigy hadysa: oda, suwa, ýere we howa erk edýän halklar bar. Ot halkynyň wekili beýleki halklary boýun egdirmek isleýär. Urşy diňe ýaş Aang (Gordon Kormýe) saklap biler. Ol dostlary bilen bilelikde howply syýahata ugraýar. “Awatarda” Kiawentino, Ien Ausli, Dallas Lýu we Deniel De Kim hem surata düşdi. Şouranner hökmünde Albert Kim çykyş etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir