Neandertallar ýelim döretmegiň çylşyrymly tehnologiýalaryny ele alyp bilipdirler. ABŞ-dan we Germaniýadan Halkara arheologlar topary 40-120 müň ýyl ozal ýaşap geçen neandertallaryň daş gurallaryny döretmek üçin iki komponentli ýelim ulanandygyny anykladylar. Bu açyşa Science Advances (SciAdv) ylmy žurnalynda neşir edilen gözleg bagyşlandy. Alymlar Fransiýanyň Le-Mustýe ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan gazawylarda we pyçaklarda ohra bilen bitumyň garyndysynyň yzlaryny tapdylar. Öň, “himiki önümçilikde” şeýle başarnyklar diňe Homo Sapiens-e degişli hasap edilýärdi. “Bu açyş biziň neandertallar baradaky düşünjämizi üýtgedýär: olar biziň pikir edişimizden has akylly we medeni taýdan has ösen ekenler” diýip, ylmy toparyň ýolbaşçysy Patrik Şmidt belleýär. Şol döwürlerde ohrany we bitumy gazyp almak uly güýç we meýilnama talap edýärdi. Neandertallar öz zähmet gurallaryny kämilleşdirmek üçin muny maksatly ýerine ýetiripdirler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir