Ýaponiýanyň Suzuki we Skydrive kompaniýalary uçýan awtomobilleriň önümçiligine başladylar. Bu barada kompaniýalaryň bilelikdäki beýanyna salgylanyp, TASS habar berýär. “Şu gün men Suzuki bilen bilelikde uçýan awtomobilleriň önümçiliginiň başlandygyny habar bermäge şat. Biz önümçilige ýarym ýyldan gowrak wagt taýýarlandyk, biz bir bitewi topar hökmünde täze ädim ädip bilýändigimiz üçin minnetdar” – diýip, Skydrive kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tomohiro Fukudzawa belledi. Uçýan awtomobili 2025-nji ýylda Osaka şäherinde geçiriljek Expo-2025 bütindünýä sergisinde ulanmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, 2026-njy ýylda şahadatnamalaşdyryş we beýleki zerur proseduralar geçirilenden soň, enjam şahsy adamlara satylyp başlanar. SKYDRIVE (SD-05) modeli üç adamy gatnatmak üçin niýetlenendir. Bu sana sürüji hem goşulýar. Enjam 12 elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edilip, dik uçuşy we gonuşy ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Onuň iň ýokary tizligi sagatda 100 km barabar, uçuş aralygy – 15 km. Ony, ilkinji nobatda, taksi hökmünde, şeýle-de lukmançylyk işgärlerini çalt gatnatmak üçin ulag serişdesi hökmünde ulanmak göz öňünde tutulýar. Suzuki we Skydrive ýylda 100 töweregi şeýle enjamy öndürmegi meýilleşdirýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir