“Forbes” žurnaly 2023-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan aktýorlarynyň onlugyny hödürledi. Sanawda birinji orny geçen ýylda, takmynan, 73 mln dollar gazanan Adam Sendler eýeledi diýip, championat.com belleýär. Ikinji orunda 59 mln dollar bilen Margo Robbi ýerleşdi. Üçlügi 45 mln dollar bilen Tom Kruz jemledi. 2023-nji ýylda iň köp hak alan aktýorlaryň onlugy: Adam Sendler – 73 mln dollar; Margo Robbi – 59 mln dollar; Tom Kruz – 45 mln dollar; Raýan Gosling – 43 mln dollar; Mett Deýmon – 43 mln dollar; Jennifer Eniston – 42 mln dollar; Leonardo Di Kaprio – 41 mln dollar; Jeýson Steýtem – 41 mln dollar; Ben Afflek – 38 mln dollar; Denzel Waşington – 24 mln dollar. Belläp geçsek, görkezilen mukdarlara diňe bir filmde surata düşendigi üçin gonorarlar däl-de, eýsem, filmleriň girdeji ýygymlaryndan bölünip berlen tölegler hem girýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir