Tesla ABŞ-nyň iň gymmat kompaniýalarynyň ilkinji onlugyndan çykdy. 6-njy martda geçirilen sessiýanyň jemi boýunça Tesla Inc.-iň paýnamalary 2,32% pese gaçdy, netijede Ilon Maskyň kompaniýasy bazar bahasy boýunça liderleriň onlugyndan çykdy. Muny NASDAQ amerikan biržasynyň maglumatlary delillendirýär diýip, lenta.ru habar berýär. Tesla-nyň paýnamalarynyň bahasynyň pese gaçyşy eýýäm yzygider üçünji gün hasaba alynýar. 6-njy martda olar bir paý üçin 176,54 dollara düşdi, 7-nji martda hem pese gaçyş dowam etdi. ABŞ-nyň iň gymmat kompaniýalarynyň sanawynda Tesla-nyň deregine 10-njy orny Visa Inc. eýeledi. Onuň bazar bahasy 563,38 mlrd dollara ýetdi. Tesla-nyň bazar bahasy 553,18 mlrd dollara barabar. Liderleriň üçlüginde henizem Microsoft (2,99 trln dollar), Apple (2,61 trln dollar) we Nvidia (2,22 trln dollar) bar. MarketWatch kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Tesla soňky gezek 2023-nji ýylyň fewral aýynda ABŞ-nyň iň uly korporasiýalarynyň ilkinji onlugyndan çykdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir