Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda «Soltan Sanjar» atly taryhy dramanyň ilkinji görkezilişi boldy. Spektakly Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary taýýarladylar. Taryhy drama Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň edebi esasynda, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň professory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Annamyrat Saparmuhammedowyň režissýorlyk, institutyň mugallymy Gurbandurdy Agalykowyň assistentlik etmeginde halk köpçüligine ýetirildi. Spektaklda Baýramhan Gaýyrow, Didar Annaýew, Mekan Durdyýew, Pena Arazdurdyýew, Ýolmyrat Saryýew, Bagtyýar Dolyýew, Kuwwat Dadylyýew, Şatlyk Aşyrow, Lälezar Saparowa, Şerapat Kerimowa, Çemen Maşadowa ýaly talyplar çykyş etdiler. Eserde Beýik Seljuk imperiýasynyň adalatly hökümdarlarynyň biri bolan Soltan Sanjar bilen bagly taryhy wakalar gürrüň berilýär. Spektaklyň ilkinji görkezilişi üstünlikli bolup, tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir