2024-nji ýylyň 5 – 7-nji martynda Germaniýada geçirilen «ITB Berlin 2024» atly halkara syýahatçylyk sergisine Türkmenistan hem gatnaşdy. Bu abraýly sergide milli syýahatçylyk operatory hökmünde «Aýan» kompaniýasy ýurda wekilçilik etdi. «ITB Berlin» – dünýädäki iň iri syýahatçylyk sergisi bolup, oňa gatnaşmak üçin her ýyl 180 ýurtdan we sebitden 10000-e golaý adam Berlinde jemlenýär. Ol syýahatçylyk pudagynyň soňky gazananlaryny, tehnologiýalaryny we hyzmatlaryny görkezmek, şeýle hem işewürlik duşuşyklaryny geçirmek, syýahatçylyk pudagynda täze gatnaşyklary ýola goýmak hem-de professional gatnaşyklary giňeltmek üçin meýdança hökmünde çykyş edýär. «Aýan» kompaniýasynyň «ITB Berlin 2024» sergisine gatnaşmagy ýurduň medeniýetiniň we taryhynyň baýlygyny, syýahatçylyk ýerleriniň özboluşlylygyny görkezmek, şeýle hem bu ýere gelýänlere dürli syýahatçylyk hyzmatlaryny we maksatnamalaryny hödürlemek üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. «Aýan» kompaniýasynyň diwarlygynda Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada reňkli bukletler, broşýuralar we wideo materiallary görkezildi. Gadymy Merw, Nusaý ýaly Türkmenistanyň taryhy we medeni künjeklerine, şeýle hem ýurduň täsin tebigy landşaftlaryna gezelençler diwarlygyň myhmanlarynda aýratyn gyzyklanma döretdi. Şeýle hem «Aýan» kompaniýasy sergide daşary ýurtly syýahatçylar üçin ýörite döredilen täze syýahat hyzmatlaryny tanyşdyrdy. Bu hyzmatlar amatly myhmanhanalarda ýerleşmegi, ulag üpjünçiligini, gezelençleri we beýleki hyzmatlary öz içine alýar. Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada has giňişleýin maglumaty «Aýan» kompaniýasynyň saýtynda tapyp bilersiňiz: www.ayan-turkmenistan.travel.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir