Mercedes-Benz we BMW kompaniýalarynyň Pekinde ýerleşýän bilelikdäki kärhanasy Beijing Ion Qi New Energy Technology Hytaý bazaryndaky awtoulaglar üçin çalt zarýad beriş stansiýalar ulgamyny döretmegi meýilleşdirýär. Bu barada ixbt.com habar berýär. 2026-njy ýyla çenli bu kärhana Hytaýda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen azyndan 1000 sany çalt stansiýalary gurmagy meýilleşdirýär, zarýad beriş stansiýalarynyň umumy sany bolsa 7000 bolar. Ilkinji stansiýalar uly şäherlerde eýýäm şu ýyl ulanylyşa giriziler. 2023-nji ýylda BMW Hytaýa 40 000-den gowrak elektromobil iberdi. Kompaniýanyň umumy satuwynyň ýyllyk ösüşi 138%-den gowrak boldy. Hytaýda BMW i3 we BMW iX3 iň köp satylan elektrik awtoulaglar boldy. BMW i5 ýanwar aýynda resmi taýdan hödürlendi. BMW Supercharging Station taslamasy 2023-nji ýylyň awgust aýynda resmi taýdan işe girizildi. Zarýad batareýalary 600 kWt zarýad beriş kuwwatyny goldaýar. 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli ýagdaýa görä, Hytaýyň 17 uly şäherini gurşap alýan we ähli markalaryň awtoulaglary üçin açyk bolan 54 stansiýa guruldy.