Fransiýada Prezident Emmanuel Makronyň tabşyrygy bilen Parižde geçiriljek 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşjak tomaşaçylaryň sany azaldyldy. Bu barada “Politico” gazetine salgylanyp, TASS habar berýär. Neşiriň çeşmesiniň maglumatlaryna görä, bu çözgüt märekä gözegçilik etmek we howpsuzlygy üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi açylyş dabarasy ilkinji gezek stadionda däl-de, açyk giňişlikde – Senanyň kenarynda geçiriler. 5-nji martda Fransiýanyň içeri işler ministri Žerald Darmanen Pariždäki 2024-nji ýylyň Olimpiadasynyň açylyş dabarasyna 326 müň töweregi adamyň tomaşa edip biljekdigini aýtdy. Gazetiň belleýşi ýaly, bu tomaşaçylaryň ilkibaşda meýilleşdirilen sanyndan tas iki esse azdyr: 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda ministr çärä 600 müň adamyň gatnaşyp biljekdigini aýdypdy. Pariždäki Olimpiada 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir