Režissýor Deni Wilnýow hospisde sanalgysy dolup barýan hassanyň arzuwyny amala aşyrdy diýip, The Washington Post neşiri habar berýär. 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda Kwebekdäki hassahananyň düýbüni tutujy Žoze Ganýon hassalaryň biriniň arzuwyny amala aşyrmagyny haýyş edip režissýor Deni Wilnýowa ýüz tutdy. “Dýuna”-nyň uly muşdagy, ömrüniň soňky günlerini ýaşaýan 50 ýaşly bir adam dünýäden ötmezden ozal filmiň ikinji bölümini görmegi arzuw edýändigini boýun aldy. Ganýon başda režissýordan filmleriniň muşdagyna minnetdarlyk bildirýän wideo ibermegini haýyş edendigini, ýöne Wilnýow bilen onuň aýalyny (filmiň prodýuseri) bu haýyşyň “diýseň tolgundyrandygyny” aýdýar. "Olar maňa:" Filmleriň hut şular ýaly adamlar üçin düşürilýändigini"- aýtdylar diýip, Ganýon Wilnýow bilen bolan söhbetdeşligi gürrüň berýär. Režissýor hassanyň filme tomaşa etmegi üçin ony Monreal şäherine getirmegi guramagy teklip etdi, ýöne onuň ýagdaýy muňa mümkinçilik bermeýärdi. Şonuň üçin 16-njy ýanwarda Wilnýowyň kömekçisi hospise heniz çykmadyk “Dýuna. Ikinji bölüm” filminiň göçürmesi bolan noutbuk eltdi. Filme tomaşa etmekligi tutulary goýberilen otagda guradylar. Oňa gatnaşanlar muny aýan etmezlik hakyndaky resminamalara gol çekdiler we syzylmazlygy üçin telefonlaryny wagtlaýyn tabşyrdylar. Hassa üç sagatlyk filmiň diňe ýarysyna tomaşa edip bildi, soň ýagdaýy erbetleşdi. Ol birnäçe günden soň aradan çykdy. "Ol filmiň syryny özi bilen alyp gitdi" – diýip, soň Ganýon ýazdy. “Dýuna”-nyň ikinji bölümi 2024-nji ýylyň 1-nji martynda dünýä prokatyna çykdy we Demirgazyk Amerikada ýylyň iň üstünlikli filmi boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir