Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň syýahatçylyk bölüminiň, “Bagtyýar dostlar” syýahatçylyk kompaniýasynyň we Germaniýanyň “NUMA GmbH” syýahatçylyk kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda wideo maslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti habar berýär. 2016-njy ýylda esaslandyrylan NUMA GmbH Germaniýanyň Syýahatçylyk assosiasiýasynyň agzasy bolmak bilen, syýahatçylyk operatoryna, marketinge we PR-a ýöriteleşendir. Kompaniýanyň syýahatçylyk pudagynda baý tejribesi we halkara syýahatçylyk operatorlary bilen ýakyn aragatnaşygy bar. NUMA GmbH kompaniýasynyň müdiri Daliýa Altuntepe Ýewropanyň syýahatçylyk bazary barada gürrüň berip, kompaniýanyň Türkiýä, Merkezi Aziýa we Balkan ýurtlaryna gezelençleri guramaga ýöriteleşendigini belledi. Syýahatçylyk bölüminiň başlygynyň orunbasary Gülşat Bakyýewa Türkmenistanyň syýahatçylyk potensialy bilen tanyşdyryp, taryhy we ekosyýahatçylygyň ösüşine hem-de Awazada Hazar deňziniň kenarynda dynç almak mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Daliýa Altuntepe Türkmenistana gezelençleri guramaga gyzyklanma bildirdi. Ol syýahatçylyk boýunça halkara maslahatyna gatnaşmak çakylygyny hem uly höwes bilen kabul etdi. NUMA GmbH kompaniýasynyň esasy maksady Türkmenistanyň syýahatçylyk potensialyny “The DACH” (Germaniýa, Awstriýa, Şweýsariýa) sebitinde ýaýratmakdyr. Bu maksatlara ýetmek üçin kompaniýa syýahatçylary ýurduň syýahatçylyk teklipleri, medeni gymmatlyklary we milli däpleri bilen tanyşdyrar ýaly marketing gurallaryny ulanar. Duşuşygyň dowamynda syýahatçylyk işiniň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy. Taraplar sebitiň syýahatçylyk potensialyny ösdürmek temasynyň möhümligini belläp, NUMA GmbH bilen türkmen syýahatçylyk operatorlarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmäge we Türkmenistanyň täze ugurlaryny mahabatlandyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir