Aşgabadyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Türkmenistanda Italiýanyň ilçihanasynyň açylmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti habar berýär. Çärä Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari, türkmen intelligensiýasynyň wekilleri hem-de köp sanly aýdym-saz söýüjileri gatnaşdy. Diplomat özüniň gutlag sözünde Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri 32 ýylyň içinde ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda, şol sanda medeniýetde täze itergi alandygyny belledi. Konsert programmasy italýan pianinoçysy we kompozitory Roberta Di Marionyň we türkmen pianinoçysy we kompozitory Aýlar Saparmyradowanyň çykyşlaryny öz içine aldy. Sazandalar öz döredijiliginden, şeýle-de W.Mosart, I.Bah, F.Şopen, Nino Rota, Ferens List ýaly meşhur klassyklaryň eserlerini ýerine ýetirdiler. Konsertiň aýratyn pursaty Roberta Di Mario tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi boldy. Agşamyň ahyrynda pianinoçylar Antonin Dworžakyň “Slawýan tansyny” ýerine ýetirdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir