16-njy martda ýurdumyzda, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada wise-premýer T.Atahallyýew 7-nji martda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi. Wise-premýer şeýle hem oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, şol sanda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, gowaça ekişine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri, ekin meýdanlarynda tekizlemek, geriş we çil çekmek işleri dowam etdirilýär. Oba hojalyk tehnikalary, gurallar möwsüme taýýarlanylýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin goşmaça suw gorlaryny döretmek we suw serişdelerini rejeli ulanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda ähli tagallalar edilýär. Mundan başga-da, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak boýunça degişli işler dowam edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir