Bukja ibermeli? Gymmat bahaly ýük daşamalymy ýa-da başga bir şähere haryt eltip berelimi? «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Türkmenistanyň ähli sebitlerine ýükleri ibermek we kabul etmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär. Ýurduň her sebitindäki demir ýol menzillerinde «Türkmenpoçtanyň» ýük bölümleri bar, olarda dürli ululykdaky we agramly ýükler hem-de ýollamalar ýurduň içindäki ähli demir ýol ugurlaryna iberilýär. Ýük ibermek üçin «Türkmenpoçtanyň» müşderileri öz şäheriniň ýük bölümine baryp ýa-da çapary çagyryp bilerler. Çapar ýükleri görkezilen salgydan alar. Sargyt hasaba alnanda ýüküň agramy ýörite «akylly» terezide ölçenilýär. Operator onuň barmaly ýerini görkezýär we kompýuter her kilogram üçin kesgitlenen nyrhy awtomatiki usulda hasaplaýar. Ähli maglumatlar şolbada «Türkmenpoçtanyň» bitewi sanly ulgamyna girýär. Munuň özi ähli ýollamalaryň ygtybarly hasaba alynmagyny, ýükleriň howpsuzlygyny, tölegleriň aýdyňlygyny we sargytlaryň çalt gaýtadan işlenilmegini kepillendirýär. Ýollama mümkin boldugyça çalt eltilip berilýär, çünki ýük wagonlary ýurduň içinde her gün hereket edýärler. Ýükleri hasaba almak üçin iberiji pasportyny we habarlaşmak üçin telefon belgisini görkezmeli. Alyjy hem pasportyny görkezýär. Ýük bölüminiň hünärmenleri diňe bir alyjynyň ýüküň gelendigi barada habar bermän, eýsem, goşmaça töleg bilen ony görkezilen salga hem getirip bilerler. Has giňişleýin maglumatlary (+993 12) 94 20 34, (+993 71) 14 47 71 ýa-da 075 gysga belgä jaň edip alyp bilersiňiz. Şeýle-de okaň: «Türkmenpoçta» PAK we «Demirýollary» AGPJ Türkmenistanda ýük daşamalaryny ýeňilleşdirýär

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir