Bitkoiniň bahasy 2021-nji ýylyň 10-njy noýabryndan bäri ilkinji gezek rekord derejede 69 müň dollara ýetdi. Coinbase-da onuň iň ýokary bahasy 69320 dollar, Binance-da bolsa laýyk 69 müň dollar boldy. Iň ýokary görkezijisi täzelenen badyna bitkoiniň bahasy pese gaçyp başlady we 59005 dollara düşdi. 6-njy martda, çarşenbe güni irden bu nyrh 66 müň dollara ýetdi. Bitkoiniň bahasy yzly-yzyna iki hepde bäri ýokarlanmagyny dowam etdirýär. Ýylyň başyndan bäri onuň bahasy 50%-den gowrak ýokarlandy. Ösüşiň sebäbi institusional maýa goýumlardyr: Bitkoine maýa goýýan iri kompaniýalaryň we maýadarlaryň sany barha artýar. Maýadarlar bitkoini inflýasiýa garşy gorag hökmünde görýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir