Ýaponiýaly hünärmenler dünýäde ilkinji gezek janly donorlardan iki öýken we bagyr bölekleriniň bir wagtda transplantasiýasyny geçirdiler. Operasiýany noýabr aýynda geçiren Kioto uniwersitetiniň hassahanasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, hassa mart aýynyň başynda hassahanadan çykaryldy. Bu barada TASS belleýär. Hassa dogabitdi diskeratozly – deri örtüginiň, nemli bardanyň anomaliýasy, süňk ýiliginiň näsazlygy, howply keselleriň güýçlenmegine meýillilik ýaly alamatlary bolan çylşyrymly genetiki keselli 10 ýaşly oglanjykdy. Donor hökmünde onuň ene-atasy çykyş etdi, olar sag we çep öýken böleklerini berdiler. Şeýle-de, oglanjygyň atasy transplantasiýa üçin bagrynyň bir bölegini berdi. Operasiýanyň özi geçen ýylyň noýabr aýynda geçirildi. Ol 18 sagat dowam etdi we üstünlikli diýlip hasaplandy. Oňa 300-den gowrak dürli lukmançylyk hünärmenleri gatnaşdy. Şondan soň oglanjyk uzak wagtlap dikeldiş kursuny geçdi. Ol şu ýylyň mart aýynyň başynda hassahanadan çykaryldy. Onuň ýakynlary hem özlerini kadaly duýýarlar we lukmanlaryň gözegçiligine mätäçlik çekmeýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir