Samsung kompaniýasy täze gurluşlarynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň senesini yglan etdi. Resmi çakylyga görä, çäre indiki duşenbe güni – 11-nji martda Hindistanda geçiriler diýip, gagadget.com portaly habar berýär. Tanyşdyrylyş dabarasynda täze Galaxy A35 we Galaxy A55 smartfonlary görkeziler. Galaxy A35 6,6 dýuým panel bilen üpjün ediler. Smartfon 50 MP + 8 MP + 5 MP esasy kamera we 13 MP frontal kamera eýe bolar. Gajet Exynos 1380 prosessorynyň dolandyrmagynda işlär. Şeýle-de, smartfon IP68 goragyna we 25 Wt zarýad beriş bilen 5000 mAs batareýa eýe bolar. Galaxy A55 6,5 dýuýmlyk 120 Gs OLED ekrany bilen üpjün edilmeli. Bu smartfon Exynos 1480 prosessoryna, 50 MP + 12 MP + 5 MP esasy kamera, 32 MP frontal kamera, IP68 goragyna we 25 Wt zarýad beriş bilen 5000 mAs batareýa eýe bolar.