Apple öz önümleriniň setiriniň bahar täzelenmesine taýýarlanýar. MacRumors -yň berýän maglumatyna görä, bildiriş 7-nji martda bolar. Täze enjamlaryň resmi tanyşdyrylyşynyň bolmazlygy mümkin. Apple öz web sahypasynda metbugat beýanatlaryny çap edip, soňra onlaýn wideo we marketing kampaniýalary arkaly täze önümleri yglan edip biler. Bloomberg-iň wekili Mark Gurmanyň sözlerine görä, Apple ýakyn hepdeleriň dowamynda şu aşakdakylary bildiriş edip biler: - M3 çipli, OLED displeýli, has inçe korpusly, täzelenen kameraly we MagSafe simsiz zarýad beriş mümkinçiligi bolan iki sany täze iPad Pros-y; - M2 çipli iki sany täze iPad Airs-y, şol sanda ilkinji 12,9 dýuýmlyk iPad Air-ny; - ulaldylan trekpadly we alýumin korpusly iPad Pro üçin täze Magic Keyboard klawiaturany; - täze Apple Pencil-i; - M3 çipli, Wi-Fi 6E-li hem-de we Bluetooth 5.3-li 13 dýuýmlyk we 15 dýuýmlyk MacBook Air-ny; - iPhone 15-iň we iPhone 15 Plus-yň täze reňk opsiýalaryny; - iPhone daşlyklary we Apple Watch-yň sagat baglary üçin täze reňkleri. Täze enjamlaryň 2024-nji ýylyň mart-aprel aýlary aralygynda çykarylmagyna garaşylýar. Ýokarda sanalanlardan başga-da, 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda täze Apple TV-niň we ekranly HomePod-yň çykjakdygy barada myş-myşlar bar.