Britaniýanyň Foster+Partners studiýasy dünýädäki iň beýik binany taslaýar. Dezeen žurnalynyň habar bermegine görä, başy gökdirän binanyň beýikligi iki kilometr bolar we ol paýtagtyň demirgazygynda ýerleşdiriler. Hasaba görä, ol şäheriň britan kompaniýasy tarapyndan täzeden dikeldilýän Halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşer. Eger bu bina gurulaýsa, ol häzirki rekord eýesi – Dubaýdaky 828 metrlik Burj Halifadan öňe geçer. Örän beýik diňden we Er-Riýadyň howa menzilinden daşary, studiýa ýene iki howa menziliniň üstünde işleýär. Gyzyl deňziň halkara howa menziliniň gurluşygy başlandy. Şeýle-de, studiýa myhmanhana we “dünýäde ilkinji deňiz durmuşy merkezini” taslaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir