Ilaty, takmynan, 9 mln bolan Wýetnamyň paýtagty Hanoý dünýäde howasy has güýçli hapalanan şäherleriň antireýtinginde birinji orna çykdy. Bu barada Agence France-Presse (AFP) agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp, Phys.org portaly habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär. Halkara howa hiline baha beriş serwisi IQAir-iň maglumatlaryna görä, 5-nji martda Wýetnamyň şäheriniň howasyndaky PM2,5 mikro-tozanjyklaryň konsentrasiýasy Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) howpsuz görkezmeleriniň derejesinden 24 esse ýokarydy. BSGG-niň maglumatlaryna görä, PM2,5 bölejikleri rak, insult we beýleki keselleriň döremegi bilen baglanyşyklydyr. Soňky ýyllarda Hanoý giň gerimli gurluşyk işleri we ulag zyňyndylary sebäpli dünýäniň iň hapa şäherleriniň sanawyna ýygy-ýygydan goşuldy. Kömür elektrostansiýalarynyň zyňyndylary we oba hojalygynyň galyndylarynyň ýakylmagy bu meseläni has-da ýitileşdirýär. Bütindünýä bankynyň soňky hasabatyna görä, Hanoýyň ýaşaýjylarynyň 40%-i BSGG-niň görkezmelerinden tas bäş esse ýokary konsentrasiýalaryň täsirine sezewar bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir