Italiýanyň Milli gözleg geňeşiniň alymlary global betbagtçylyklary öwrenmek we çaklamak üçin Ýeriň sanly modelini döretdiler. Ol dürli tebigy betbagtçylyklaryň netijelerine olar heniz bolup geçmezden öň baha bermäge mümkinçilik berer. Gözleg “Frontiers in Science” (FIS) ylmy žurnalynda neşir edildi diýip, gazeta.ru habar berýär. Hünärmenler planetanyň wirtual nusgasynyň kömegi bilen dürli kataklizmleriň iň gowy we iň erbet ssenariýalaryny görmek üçin täze maglumatlary girizip bilerler – mysal üçin, süýşgün döredip, onuň bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri we ýagdaýlary yzarlap bilerler. Alymlar planetanyň “sanly ekiz taýynyň” üstünde işlän wagtlary Ýere köp sanly gözegçilikleriň dowamynda alnan hemra maglumatlaryny ulandylar. Soňra maglumatlar bazasyna topragyň çyglylygyny, ygallary, garyň çuňlugyny, bugarmagy we derýa akymyny ölçemegiň netijelerini goşdular. Modeli döredijiler ulgamyň örän çylşyrymlydygyny we onuň heniz kämilleşdirilmelidigini bellediler. Gözlegçiler bu meseläni emeli aňyň kömegi bilen çözmegi göz öňünde tutýarlar. Şeýle-de, neýroulgamlaryň ornaşdyrylmagy wagt tygşytlamaga kömek etmek bilen, işläp düzüjilere beýleki meseleli obýektlere ünsi jemlemäge mümkinçilik berer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir