Kembrij uniwersitetiniň britaniýaly alymlary şu güne çenli tapylan iň gadymy tokaý galyndysyny ýüze çykardylar. Takmynan, 390 million ýyl ýaşy bolan we dewon döwrüne degişli bolan galyndylar Angliýanyň günorta-günbataryndaky Hengmen çägesöw gatlagyndan tapyldy. Bu gözleg barada Journal of the Geological Society (JGS) atly ylmy neşirde çap edildi. Işiň ýolbaşçysy Nil Dewisiň bellemegine görä, gadymy tokaý kladoksilopsid diýlip atlandyrylan we häzirki wagtda ýok bolup giden ösümlik görnüşinden ybarat bolupdyr. Ol gyrymsy agaçlar we sfenopsidler bilen ýakyndan baglanyşykly bolup, palma agaçlaryna meňzäpdir, ýöne olar bilen hiç hili umumylygy ýokdur. «Bular boýy iki-dört metre ýetýän şahaly we täçli agaçlar bolupdyr, ýagny tokaý biraz pes bolupdyr» diýip, Dewis belledi. Agaçlaryň galyndylary çökündiler bilen doldurylan içi boş sütünler we gaýalaryň agramy bilen mynjyran görnüşde saklanyp galypdyr. Agaçlarda şahalaryň ösýän ýerleriniň yzlary saklanyp galypdyr. Arheologlaryň bellemeklerine görä, olaryň açyşlary Ýeriň ýüzünde takmynan 390 million ýyl ozal tokaý gurşawynyň çalt depginde ösüp başlandygyny görkezýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir