Tanyşdyryş dabarasynyň öňüsyrasynda Porsche Taycan elektromobiliniň iň kuwwatly nusgasynyň suratyny çykardy. «Ähli döwürleriň iň kuwwatly Taycan-y» Nýurburgringiň Demirgazyk aýlawyny 7 minut 7 sekuntda geçen sport awtoulagynyň önümçilik maksatly nusgasydyr diýip, Motor1 neşiri ýazýar. Taycan elektromobiliniň täze nusgasynyň tanyşdyryş dabarasyny 11-nji martda geçirmek meýilleşdirilýär. Paýlaşylan suratda awtoulagyň Taycan-yň önümçilik maksatly görnüşlerinden yzky böleginde uly göwrümli antiganatyň bolmagy bilen tapawutlanýandygy görünýär. Taycan awtoulagynyň sport prototipi Demirgazyk aýlawy ozal tanyşdyrylan iň kuwwatly Porsche Taycan S-den 26 sekunt çalt we Tesla Model S Plaid amerikan ulagyndan 17,6 sekunt öňde tamamlamagy başardy. Awtoulag öndürijisi täze ulagyň tehniki aýratynlyklaryny aýan etmeýär, ýöne onuň esasy bäsdeşi Tesla Model S Plaid-iň kuwwaty 1020 at güýji bolan elektrik hereketlendirijisi bar. Täze Taycan-yň hem onuňky bilen deňeçer kuwwaty bolup biler.