Berlin kinofestiwalynyň müdirligi geljek ýyl üçin seneleri anons etdi. 75-nji ýubileý kinofestiwaly 2025-nji ýylyň 13 – 23-nji fewralynda geçiriler. Bu barada film.ru belleýär. Bäsleşigiň maksatnamasy onuň geçiriljek senesine ýakyn wagtda belli bolar. Ýatlap geçsek, ýakynda geçirilen Berlinale Mati Diopyň “Dagomeýa” dokumental lentasynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Režissýor taryhda “Altyn aýy” baş baýragyny alan sekizinji zenan boldy. Şeýle-de, laureatlaryň arasynda Sebastian Sten (“Başga bir adam”), Emili Wotson (“Şeýle bir ownuk zatlar”), Brýuno Dýumonyň “Imperiýasy” we Hon San-sunyň “Syýahatçynyň zerurlyklary” filmi bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir