“Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 22 gezek çempiony, dünýäniň öňki birinji raketkasy ispaniýaly Rafael Nadal Indian-Uellsde (ABŞ) geçiriljek ATP 1000 ýaryşyndan aýrylandygyny habar berdi. Öz sosial ulgamlarynda Nadal munuň kyn çözgüt bolandygyny ýazdy. “Men özüme we müňlerçe janköýere ýalan sözläp bilmeýärin. Meniň siziň ähliňizi göresim geler we ýaryşyň üstünlikli geçjekdigine ynanýaryn” – diýip, tennisçi ýazdy. Ýaryşdan aýrylmagynyň sebäbi aýdyňlaşdyrylmaýar, ýöne Nadal eýýäm birnäçe aý bäri but şikesi bilen göreşýär. Ýanwar aýynyň başynda Nadal Awstraliýanyň Brisben şäherinde geçirilen ýaryşa gatnaşdy we dörtden bir finalda awstraliýaly Jordan Tompsondan utuldy. 36 ýaşly ispaniýaly dünýäde iň meşhur tennisçileriň biri we ol Indian-Uelsdäki ýaryşda üç gezek ýeňiji boldy (2007, 2009 we 2013-nji ýyllarda). Ýaryşda onuň deregine hindistanly Sumit Nagalyň (ATP 101) çykyş etjekdigi eýýäm yglan edildi. Birinji raundda ol kanadaly Miloş Raoniçe garşy oýnar. Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň reýtinginde (ATP) serbiýaly Nowak Jokowiç birinji orny eýelemegi dowam edýär (9675 utuk). Ikinji orunda ispaniýaly Karlos Alkaras (8805) gelýär. Üçlügi Ýannik Sinner (8270) jemleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir