Türkmenistanyň ýaşaýjylary Ahal welaýatynyň Änew şäherinde täze gurulýan bir gatly kottej jaýlarynyň gurluşygyna paýly gatnaşyjy bolmaga çagyrylýar. Täze ýaşaýyş toplumy örän oňaýly ýerde — Aşgabat şäherinden 15 minutlyk uzaklykda ýerleşýär. Ýaşaýyş jaýynyň biri — umumy meýdany 205 inedördül metr bolan 1 gatly 5 otagly jaýdyr. Kottejiň çägine şeýle hem 0,08 ga ýer, awtoulag goýulýan ýer hem-de jaýyň howlusyndaky goşmaça hammam girýär. Ýaşaýyş toplumyna bulardan başga-da ýerzemini we ýaşaýyş meýdançasy bolan hem-de mansardany özünde jemleýän VIP-bölek degişlidir. Esasy bellemeli zatlaryň biri hem, bu ýerden jaý satyn almagyň peýdaly tarapy onuň dünýäniň meşhur brendleriniň ýokary hilli hojalyk tehnikalary, elektronika we santehnika enjamlary bilen üpjün edilendigidir. Aşhana: Venetа Cucine (Italiýa) Hojalyk tehnikalary: Bosch (Germaniýa) Santehnika: Geberit (Şweýsariýa) Suw akdyryjy enjamlar: Hansgrohe (Germaniýa) Wanna: Ravak (Çehiýa) Süpürgiç guradyjy ulgamlar: Zehnder (Germaniýa) Plitka: Varmora (Italiýa) Elektrofurnitura: Legrand (Fransiýa) Gaz ýyladyjylary: Daikin Daylux (Türkiýe) Ýyladyş peç ulgamlary: Imas (Italiýa) Bra çyralary: Jiso (Ispaniýa) Gurulýan ýaşaýyş jaý toplumyndan jaý satyn almak isleýän paýly gurluşyk taslamasyna gatnaşyjylar jaýyň tölegini 5 taraplaýyn şertnama baglaşylan gününden başlap bäş aýyň dowamynda töleýärler. Gurluşyk işleri we degişli taslama gatnaşmak barada giňişleýin maglumatlary almak üçin şu telefon belgisi arkaly habarlaşmak maslahat berilýär: (+993 63) 20 22 22 .

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir