2024-nji ýylyň 14-nji martynda Ak bugdaý etrap häkimliginiň edara binasynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçiriler. Bu barada Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligine salgylanyp, Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm) habar berdi. Boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi sagat 10:00-dan 12:00-a çenli dowam eder. Şeýle hem guramaçylar topary Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalaryň, guramalaryň, firmalardyr kompaniýalaryň eýelenmedik bar bolan boş iş orunlaryny bu çärä hödürläp biljekdiklerini ýatladýar. Işe girmek isleýän raýatlar ýany bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmeli. Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Watan köçesiniň 1-nji jaýy, Ak bugdaý etrap häkimliginiň edara binasy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (800137) 36-7-14.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir