3-nji martda Şweýsariýada referendum geçirildi, saýlawçylaryň 58,2%-i 13-nji pensiýany tölemek baradaky başlangyjy goldady. Bu karar köplenç çykdajylaryny ödemekde kynçylyk çekýän garry adamlaryň "taryhy ýeňşi" hasaplanýar diýip, BBC teleýaýlymy habar berýär. Şweýsariýada aýlyk döwlet pensiýasy 2550 ýewro, ýöne ýaşuly raýatlaryň aglabasy muny ýeterlik hasaplamaýarlar. Şweýsariýada, esasanam, onuň Sýurih we Ženewa ýaly uly şäherlerinde ýaşaýyş dünýäde iň gymmat ýerleriň hatarynda durýar. Hemmeler üçin hökmany bolan saglyk ätiýaçlandyryş tölegleri çalt ýokarlanýar we garry adamlara bu çykdajylary tölemek barha kynlaşýar. Mundan başga-da, iş stažynyň arasy kesilen aýallara we doly iş stažy bolmadyk immigrantlara doly däl döwlet pensiýasy bilen güzeran aýlamak kyn düşýär. Hökümet, parlament we işewürler 13-nji pensiýa garşy çykdylar, olar munuň üçin ýylda 4 milliard frank goşmaça çykdajylaryň boljakdygyna salgylanýarlar, ýöne reformanyň tarapdarlary saýlawçylary toparlamagy başardylar. Şweýsariýanyň pensiýa hukuklaryny goraýan Avivo guramasynyň sözlerine görä, 13-nji pensiýa döwlet pensiýa ulgamyny noýabr aýynda 13-nji aýlygy alýan işçileriň aýlyk haklarynyň ulgamyna laýyklar. 13-nji pensiýa meselesi bilen bir hatarda, referenduma pensiýa ýaşyny 65 ýaşdan 66 ýaşa çenli ýokarlandyrmak baradaky teklip hem hödürlendi. Raýatlaryň 74,7%-i bu pikire garşy ses berdiler. Şweýsariýanyň hökümeti bu kararlar üçin salgyt töleýjileriň töleg tölemeli boljakdyklaryny aýdýar. Şeýle-de bolsa, ýurduň gülläp ösýän ykdysadyýetinden çen tutup, şweýsariýalylaryň aglabasy munuň öweziniň dolunyp bilinjekdigine ynanýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir