Hindistanda milliarder Mukeş Ambaniniň mirasdüşeri, 28 ýaşly Anant Ambani bilen hindistanly işewür Wiren Merçantyň gyzy Radhiki Merçantyň toýy mynasybetli üç günlük toýdan öňki dabara geçirildi. Ýaşlar geçen ýylyň ýanwar aýynda Gol Dhana dabarasynda adaglandylar, toý 12-nji iýulda bolar diýip, Times of India ýazýar. Belli bolşy ýaly, bu dabarada Rianna çykyş etdi we käbir maglumatlara görä, oňa 6 mln dollar tölendi. 1000-den gowrak adamy ýygnan dabaranyň myhmanlarynyň arasynda Bill Geýts, Iwanka Tramp, Mark Sukerberg we Bolliwudyň köp sanly ýyldyzlary hem bar. Çeşmeler üç gün dowam eden dabaranyň dress-kodunyň dokuz sahypada ýazylandygyny habar berýärler. Myhmanlar üçin hödürlenen tagamlar bolsa 40-dan gowrak meşhur aşpezler tarapyndan taýýarlandy, olar myhmanlara 2500-den gowrak hindi, meksika, ýapon we panaziýa naharlaryny hödürlediler. Bu çärä 151 mln dollardan gowrak pul sarp edildi. Öýlenýän ýigidiň kakasy Mukeş Ambani Reliance Anil Dhirubhai Ambani Group kompaniýasyna eýeçilik edýär we ol “Forbes” žurnalynyň wersiýasyna görä, dünýäniň iň baý on adamynyň hataryna girýär. Onuň baýlygy, takmynan, 117 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir