Azerbaýjan 2023-nji ýylda Türkmenistandan 1,51 milliard kub metre barabar bolan tebigy gazy import etdi. Bu 2022-nji ýyldakydan (857 million kub metr) 77% ýokarydyr. Bu maglumatlary Azerbaýjanyň Statistika baradaky döwlet komiteti getirýär diýip, ORIENT habar berýär. Bahalar babatda aýdylanda, geçen ýyl Türkmenistandan Azerbaýjana tebigy gazyň importy 218,22 million dollara barabar bolup, munuň özi 110,87 million dollar netije bilen jemlenen 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 96,8 % artykdyr. 2023-nji ýylda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 773,9 million dollara ýetendigini bellemek gerek. Bu bolsa 2022-nji ýylyň (535,39 million dollar) degişli döwri bilen deňeşdirilende 44,5 göterim ösüşiň bellige alnandygyny görkezýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir