Aşgabatda geçirilen türkmen-owgan işewürler maslahatynyň çäklerinde bir sany Ähtnama we türkmen we owgan hususy kompaniýalaryň arasynda 16 şertnama gol çekildi. Eksport ugurly şertnamalaryň umumy bahasy 7 million 721 müň dollara deň boldy. Baglaşylan şertnamalaryň ýarysyna golaýy konditer önümlerini öndürýän türkmen firmalary, ýagny “Hasar”, “Owadan Ülke”, “Altyn şöhle, “Täze Aý” hem-de “Asuda ülkäm” ýaly hususy pudagyň wekilleri bar. Beýleki şertnamalarda bolsa, polipropilen haltalar, motor ýagy, mäş, saryja ýüň, polipropilen sapaklar we beýleki harytlary eksport etmek babatda ylalaşyldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli 9 türkmen firmasy eksportçy, 11 owgan firmasy bolsa satyn alyjy hökmünde çykyş eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir