Ýewropa bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy tarapyndan Merkezi Aziýada hukuk tertibini üpjün etmek boýunça maksatnamasy (LEICA) bilen bilelikde Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň işgärleri üçin guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Metbugat gullugy habar berdi. Adam söwdasy we kontrabanda bilen meşgullanýan şahslary ýüze çykarmak boýunça okuw maslahaty 29-njy fewraldan 1-nji mart aralygynda geçirildi. Litwanyň Içeri işler ministrliginiň döwlet serhediniň gorag Gullugynyň we LEICA-nyň bilermenleri töwekgelçilikleriň görkezijilerini hem-de migrantlaryň bikanun söwdasy we kontrabanda bilen meşgullanýan şahslary ýüze çykarmagyň töwekgelçilikleri we seljeriş işleriniň netijelerini beýan etdiler. Çärä gatnaşyjylar IT gurallaryny ulanmak arkaly töwekgelçilikleri profilirlemek boýunça ÝB-nyň tejribesi bilen tanyşdylar. Okuw maslahatynyň netijesi boýunça töwekgelçilikleriň profilleri we görkezijileri boýunça kitapça işlenip taýýarlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir