Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orna gaýdyp geldi. Bu Bloomberg tarapyndan neşir edilen “Milliarderleriň indeksinden” gelip çykýar diýip, TASS habar berýär. Reýtinge görä, 2024-nji ýylyň 6-njy martyndaky ýagdaý boýunça Bezosyň baýlygy 197 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Onuň baýlygy bir günde 3,25 mlrd dollar azaldy. Ikinji orna LVMH kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arno çykdy. Bir günde onuň baýlygy 195 mlrd dollara çenli azaldy. Tesla kompaniýasynyň ýerine ýetiriji müdiri we X sosial ulgamynyň eýesi, telekeçi Ilon Mask üçlügi jemledi. Onuň baýlygy 192 mlrd dollara barabar. Bir günde ol 5,29 mlrd dollar ýitirdi. Agentlik 2012-nji ýylyň mart aýyndan bäri dünýäniň iň baý 500 adamynyň baýlygy barada maglumatlary jemleýän Bloomberg Billionaries Index reýtingini neşir edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir