5-nji martda ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Talyp gözeli — 2024» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Aşgabatdaky «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeniýet we işewürlik merkezinde geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda geçen tapgyrdaky ýeňijiler gatnaşdylar. Jemleýji tapgyryň netijelerine görä, «Talyp gözeli — 2024» bäsleşiginiň ýeňijisi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Akgözel Ýagmyrowa boldy. Bu barada TDU-nyň resmi saýtynda habar berilýär. Şeýle hem, gözellik bäsleşiginde Türkmen döwlet maliýe institutynyň 5-nji ýyl talyby Aýgül Atdyýewa birinji orun, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 2-nji ýyl talyby Aýgül Allanowa hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Gülruh Hallymyradowa ikinji orna, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Gunça Jumageldiýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Ogulnäzik Myşşyýewa hem-de Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Leýli Ernepesowa dagy üçünji orna mynasyp bolmagy başardylar. Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan talyp gyzlara guramaçylar tarapyndan Diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir