Taryhdan öňki we taryhy mazarlardan alnan galyndylaryň DNK seljermesi Daun sindromly çagalaryň azyndan 5000 ýyllap dürli jemgyýetlerde ýaşandygyny görkezdi diýip, Nature neşiri ýazýar. Dürli ýurtly paleogenetikler dürli ýurtlardan we döwürlerden alnan 10 000 galyndynyň DNK-syny seljerip, hromosomanyň artyk nusgasy bilen baglanyşykly genetiki keseli bolan alty çagany öwrendiler. Iň gadymy galyndylar – takmynan, 5000 ýyl ozal ýogalan çaganyň galyndysy Ispaniýanyň demir asyryndan tapyldy. Galan çagalar bürünç eýýamynda (Gresiýa, Bolgariýa) we XVII-XVIII asyrlarda (Finlýandiýa) ýaşapdyrlar. Mazarlaryň seljermesi çagalaryň hemmesiniň ýaş wagtynda ýogalandygyny, ýöne olaryň alada bilen gurşalan çaga bolandyklaryny görkezdi. Olaryň bäşisi obalaryň çäginde jaýlanypdyr. Käbir mazarlarda köp reňkli monjuk halkalar, bürünç ýüzükler ýa-da balykgulaklar ýaly, adam jaýlananda ýörite gabyra salynýan zatlar bar. Maks Plankyň Jemgyýetiniň Ewolýusiýanyň Antropologiýasy Institutynyň gözleginiň şärikdeş awtory Adam Rorlah: "Jaýlanyşyň bu görnüşi Down sindromly çagalaryň şol döwürde jemgyýetiň bir bölegi hökmünde alada bilen gurşalandygyny we gadyr goýlandygyny görkezýär" – diýip belledi. Şeýle mazarlar, esasanam, jaýlananda gymmatbaha zatlar goýlan gabyrlar şol döwrüň mazarlary üçin seýrek ýagdaýdyr. Gadymy adamlar şeýle bäbekleri aýratyn hasaplap, olara ideg edip, hormat bilen jaýlan bolsalar gerek. Gözlegler dowam edýär. Geljekde alymlar dürli jemgyýetleriň aýratyn zerurlyklary bolan adamlara nähili garandyklaryny anyklamak üçin DNK derňewini ulanmak isleýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir