23-nji fewralda Intuitive Machines-niň hususy eýeçiligindäki Nova-C moduly Aýa gondy we ABŞ-da döredilen apparat 52 ýylyň içinde ilkinji gezek Aýa gondy. Bu waka hususy kompaniýalaryň kosmos gözleginde barha möhüm rol oýnaýandygyny görkezýär diýip, 3DNews habarlar gullugy ýazýar. "Odisseý" lakamly Nova-C Aýyň günorta polýusyndan, takmynan, 300 km uzaklykda ýerleşýän Malapert A kraterine gondy. Bu owal-ahyl gonulan iň günorta nokatdyr. Aýyň üstüne arassa gonuş birbada mümkin däldi. Lidarlaryň nädogry işlemegi sebäpli gonuş Aýyň töwereginden bir aýlaw edip, orbitada biraz gijikdirmeli boldy. Netijede, NASA-nyň dopler lidary ulanyldy. Odisseý gämisinde 12 sany ylmy gural bar, olaryň 6-sy NASA, galanlary hususy kompaniýalar tarapyndan üpjün edilýär. Olaryň arasynda lazer reflektorlary we beýleki kosmos gämileriniň geljekde aşak gonmagyna kömek etjek maýak, şeýle hem Aýyň heýkeli, Aý obserwatoriýasynyň taslamasy üçin termiki matanyň nusgasy we kameralar bar. Nova-C missiýasy – bu NASA-nyň kosmos gözlegine hususy kompaniýalary çekmegi maksat edinýän CLPS (Commercial Lunar Payload Services) maksatnamasynyň bir bölegi. Modulyň enjamlary, takmynan, 14 Ýer gije-gündizinde işlär, şondan soň ol “uka gider”. Belläp geçsek, häzirki wagtda Aýa kosmos missiýalaryny diňe dört ýurt – SSSR, Hytaý, Hindistan we ýakynda, has dogrusy, geçen aýda Ýaponiýa amala aşyrdy. Birleşen Ştatlar Ýeriň hemrasynyň üstüne adam iberen ýeke-täk ýurtdur.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir