Ýaponiýanyň Toyota Motor awtokonserni ýurtdaky ähli önümçilik hatarlarynyň işini gaýtadan dikeltdi. Olaryň käbirleri heniz 2023-nji ýylda potratçy tarapyndan dizel hereketlendirijileriniň kuwwaty baradaky maglumatlaryň galplaşdyrylmagy bilen bagly dawa sebäpli togtadylypdy. Işlemän duran soňky iki hatar duşenbe güni işe girizildi diýip, awtokonserne salgylanyp, TASS habar berýär. Şeýlelik bilen, Toyota-nyň ýurduň içindäki 14 gurnama kärhanalarynyň ählisi ýene doly güýjüne işleýär. 2023-nji ýylda kompaniýanyň golçur kärhanasy Daihatsu kraş-synaglaryň maglumatlarynyň galplaşdyrylmagy we awtomobilleriň ulanylyş howpsuzlygyna täsir edýän beýleki bozulmalar bilen baglanyşykly dawanyň merkezinde boldy. Firma şol sanda Toyota brendi bilen satylýan onlarça modeli öz içine alýan 170-den gowrak bozulmalary ýüze çykardy. Netijede, Ýaponiýa we daşary ýurtlara Daihatsu awtomobillerini, şol sanda Toyota brendi bilen satylýan Probox, Town Ace, Roomy, Pixis modellerini ibermegi togtatmak kararyna gelindi. Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň içinde alty önümçilik hatarynyň işi-de togtadyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir